Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr

  • 16.01.2026 15:17
  • 5.7k+

Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy.

Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar.
Finke derýasy aranda aborigenleriniň dilinde Larapinta ady bilen hem bellidir.  Bu derýa 640 kilometrden hem gowrak uzalyp gidýän derýalaryň we kanallaryň ulgamydyr. Derýanyň akymy Demirgazyk territoriýanyň we Günorta Awstraliýanyň içinden geçýär. Materigiň merkezi böleginde gurak howa sebäpli derýanyň yzygiderli akymy ýok. Ýylyň köp böleginde ol aýratyn suw howdanlarynyň zynjyry ýaly görünýär.
Derýanyň ýaşy geologik maglumatlara, şemallanma ýagdaýynyň seljermesine we onuň töweregindäki çökündilerde we gaýalarda radionuklid derejesiniň ölçeglerine esaslanyp kesgitlenildi. Bu maglumatlar derýa ulgamynyň emele gelmegini  paleozoý eýýamynyň dewon (419–359 million ýyl mundan ozalky) ýa-da daş-kömür döwrüne (359–299 million ýyl ozalky) degişli diýip hasaplamaga esas berýär.


08.06.2026 16:45
3.6k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.3k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......