Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

  • 07.06.2026 17:07
  • 1.1k+

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň bu açyşy PNAS žurnalynda çap edildi.

Bu açyş deňiz jandarlaryny ahlumumy maýyllykdan goramakda, şeýle hem ynsanyň sütün öýjüklerini ýaşartmagynyň netijeli usullaryny gözlemekde täze mümkinçilikleri açýar.

Assidiýalar ynsan bilen genetiki maglumatlaryň takmynan 70%-ini paýlaşýarlar we her hepde diýen ýaly öz bedeniniň ähli dokumalaryny doly täzelemäge ukyplydyrlar. Bu bolsa biologlara sütün öýjükleriniň işjeňligine aňsatlyk bilen gözegçilik etmäge şert döredýär, çünki bu öýjükleriň garramagy bilen jandarlaryň özleri hem garrap başlaýar. Geçirilen tejribäniň dowamynda hünärmenler kardiostimulyatoryň (ýürek urgusyny sazlaýjynyň) impulslary arkaly assidiýa üýşmegine täsir etdirdiler. Üýşmekdäki her bir jandaryň umumy gan aýlanyş ulgamynda işleýän özüniň kiçijik ýüregi bolany üçin, alymlar olaryň işini stimullaşdyrmagyň tutuş toparyň ömrüne täsir edip biljekdigini göz öňünde tutdylar.

Tejribäniň netijesinde assidiýalaryň ýürek urgulary artdy we gan bedende has erkin aýlanyp başlady. 48 sagat geçenden soň, üýşmek has sagdyn göründi, jandarlar ulaldy, reňkleri açyldy, olar has çalt ösüp we şjeň köpelip başladylar. Hünärmenler iň gowy netijäniň her biri bäş minutdan ybarat bolan üç tapgyrly impuls arkaly alynýandygyny anykladylar. Şeýle täsirden soň assidiýalar edil täzeden ýanyp-öçen ýaly bolýarlar. Gözlegçiler elektrik togunyň mitohondriýalara we metabolizme täsir edip, garramaga mahsus bolan bioenergetiki pese düşüşi bökdeýändigini çaklaýarlar.

Gysga wagtlyk, ýagny on bäş minutlyk stimullaşdyrma sütün öýjüklerinde azyndan dört ay dowam eden üýtgeşmeleri ýüze çykardy. Emeller wagtyň geçmegi bilen gaýtalananda, ýaşarmagyň durnuklylygy dört ýyldan gowrak saklandy. Bu gezekde täsir garry we ýaş jandarlarda birmeňzeş boldy.

Ylmy işiň awtorlary geljekde kiçijik simsiz enjamlaryň rif korallaryny suwlaryň ýylamagyndan we kislotalaşmagyndan gorap biljekdigine ynanýarlar. Medisinada elektrik stimulyasiýasynyň şeýle görnüşi ýürek ritmini kadalaşdyrmak üçin eýýäm köp ýyllardan bäri ulanylyp gelinýär, bu bolsa sütün öýjükleriniň ýaşaýşyny gowulandyrmak we önelgesizligi bejermek üçin uly mümkinçilikleri wada berýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....