Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

  • 08.06.2026 16:45
  • 4.5k+

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi. Häzirki wagtda ol Kaliningradyň Dünýä ummany muzeýiniň gaznalarynda saklanýar.

Ýantaryň agramy 13,9 gram, ölçegleri bolsa 43-e 37 millimetrdir. Daşyň içinde ýelek görnüp dur, ol ähtimal ownuk guşa degişli bolmaly.

«Ýelek gurluşy taýdan ýönekeý: uzyn sapagy we ondan çykýan gysga tüýjümekleri bar. Gynansak-da, ýelek ujy döwülen. Ýelekden başga-da, ýantarda agaç bölekleri ýaly ösümlik galyndylary hem gatap galypdyr» diýip, Dünýä ummany muzeýiniň tebigat bölüminiň uly ylmy işgäri Nikolaý Martynowiç belledi.

Muzeýiň maglumatlaryna görä, şeýle tapyndylar örän seýrek duş gelýär: Russiýada guş ýelekli ýantaryň diňe iki nusgasy bellidir, olar hem Kaliningrad ýantar muzeýiniň kolleksiýasynda saklanýar.

Tapyndynyň hakykylygyny tassyklamak üçin hünärmenler faza-kontrastly surata düşürmek, ultramelewşe şöhlelerinde barlaglar, ýagtylyk mikroskopiýasy, suwda ýüzüş synagy we gyzdyrylan iňňe bilen barlag geçirdiler. Iňňe ysy nusganyň hakyky baltyk ýantarydygyny tassyklady. Ekspertiza ýelimleme, guýma we emeli garatma yzlarynyň ýokdugyny hem görkezdi.

Baltika ýantary Skandinawiýa ýarymadasynyň günortasynda we goňşy sebitlerde ösen gadymy iňňe ýaprakly agaçlaryň gatap galan smolasy bolup durýar.

Alymlar bu tapyndynyň eosen döwrüniň «ýantar tokaýynyň» ekosistemasyny has gowy düşunmäge we 40 million ýyl mundan ozal Baltyk deňziniň kenarynda ýaşan guşlary öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.


düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
5.5k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......