Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

  • düýn 20:31
  • 2.4k+

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit goragyny basyp ýatyrýan halka görnüşli elektrik toguň Günden däl-de, eýsem Ýeriň özünden gelip çykýan bölejiklerden emele gelýändigini anyklady.

Nagoýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň bu açyşy köpýyllyk ylmy çekişmelere nokat goýdy.

Halka görnüşli tok zarýadlanan bölejiklerden ybarat bolan ägirt uly guşaklyk bolup, ol Ýeriň ekwatorynyň töwereginde, 19 müňden 51 müň kilometre çenli uzaklykda sagat diliniň ugruna aýlanýar. Günüň işjeňliginiň ýokarlanan döwürlerinde bu bölejikler öz magnit meýdanyny döredýär, ol bolsa planetanyň global magnit meýdanyny gowşadyp, elektrik geçiriji liniýalarda we turbageçirijilerde howply toklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Hünärmenler uzak wagtlap bu guşaklyga Ýeriň atmosferasyndan we Gün ýeliniň üsti bilen gelip düşýän bölejikleriň mukdar gatnaşygyny kesgitlemäge synanyşdy. Jogaby tapmaga bolsa bir ýagdaý kömek etdi: 2024-nji ýylyň 10–11-nji maýynda Günüň iň güýçli partlamalary wagtynda Ýaponiýanyň «Arase» zondy orbitanyň iň amatly nokadynda boldy, bu bolsa Gün plazmasynyň Ýeriň magnitosferasy bilen çaknyşygyny jikme-jik synlamaga mümkinçilik berdi.

Fizikler magnitosferadaky ionlaryň massasynyň we energiýasynyň üýtgemegini seljerdi hem-de bu maglumatlary magnit meýdanynyň yrgyldylary we Gün ýeliniň görkezijileri bilen deňeşdirdi. Netijede, magnit tupanynyň iň ýokary derejesinde, ýagny magnitosferanyň içki serhetleriniň 80% gysylan wagtynda hem halkalaýyn toguň esasy elementi hökmünde Ýeriň atmosferasyndan gelen agyr ionlaryň bolup galandygy mälim boldy.

Nagoýa uniwersitetiniň dosenti Naritoşi Kitamura bu waka şeýle teswir berdi:

«Iň güýçli magnit tupanlary Ýeriň töweregindäki gurşawda halkalaýyn toguň birden güýçlenmegi bilen utgaşýar. Biz ilkinji gezek şeýle uly magnit tupany wagtynda halka görnüşli togy döredýän ionlaryň hereketine we Gün ýeliniň häsiýetlerindäki üýtgeşmelere gözegçilik etdik. Bu synlamalar anyk netije berdi — halkalaýyn tok bilen baglanyşykly bölejikleriň 85%-i Ýerden gelip çykýar».

Gözlegçileriň pikirine görä, bu netijeler ionosfera bilen magnitosferanyň özara täsirini öwrenmek üçin täze kosmos enjamlaryny kosmosa çykarmagyň möhümdigini görkezýär. Bu bolsa geljekki tupanlaryň güýjüni has takyk çaklamaga we Ýerdäki hem-de kosmosdaky tehnikalar üçin töwekgelçilikleri dogry bahalandyrmaga kömek eder.

Ýatlap geçsek, güýçli geomagnit tupany 2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Günüň X we M klasly güýçli partlamalary zerarly başlanypdy. 11-nji maýa geçilýän gije tupan iň ýokary G5 derejesine ýetdi, şeýle ýagdaý 2005-nji ýylyň awgustyndan bäri hasaba alynmandy. Bu bolsa telekommunikasiýa we nawigasiýa ulgamlarynyň işinde uly bökdençliklere getirdi, polýar ýalkymlaryny bolsa hatda planetanyň tropiki sebitlerinde hem synlamak başartdy.


27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....