Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

  • 26.01.2026 22:13
  • 3.9k+

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär. Bu barada The Guardian neşiri Scientific Reports žurnalyna salgylanyp habar berýär.
Gözlegçiler ösümlik bilen iýmitlenen gadymy kenguru görnüşleriniň galyndylaryny öwrendiler. Olar esasan hem aýakdaky iň ejiz hasaplanýan ahill siňirlere we dördünji daban süňküne üns berdiler.

Netijede bu süňkleriň bökmek üçin ýeterlik derejede berkdigi mälim boldy. Ökje  süňklerinde bolsa, böküş üçin zerur bolan ýogyn siňire laýyk ýeriň bardygy anyklandy. Ozallar şeýle siňirler gadymy kengurulara bökmäge päsgel berýändir öýdülýärdi, ýöne täze tapyndylar bu çaklamanyň nädogrydygyny görkezdi.
Alymlaryň bellemegine görä, häzirki bökýän jandarlar (mysal üçin, kenguru syçanlary) böküşleri uzak aralygy geçmek üçin däl-de, kyn ýerlerden aşmak we ýyrtyjylardan gutulmak üçin ulanýarlar. Äpet kengurularyň hem şeýle pursatlarda böken bolmaklary ähtimal.
Şol bir wagtyň özünde, bu kengurularyň bökäýenlerinde-de, uzak aralyga ýa-da uzak wagtlap böküp biljekdikleri gümana. Şeýle-de alymlar bu jandarlaryň dürli hereket usullaryny, şol sanda barmak uçlarynda ýöremegi hem ulanandyklaryny çaklaýarlar.
Ägirt uly kengurularyň beden gurluşyny we siňirlerini öwrenmeklik olaryň biologiýasyna hem-de ewolýusiýasyna has gowy düşünmäge kömek edýär. Şeýlelikde äpet göwräniň jandarlaryň hereketine hemişe päsgel berip durmaýandygy belli bolýar.


düýn 08:10
4.4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......