Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny anykladylar.
Makgilla uniwersitetiniň alymlary 153 902 adamyň gatnaşmagynda geçirilen 69 kliniki synagdan alnan maglumatlary seljerdiler. Netijeler The BMJ žurnalynda çap edildi.
Seljermäniň dowamynda goşundyny kabul edýän toparlar bilen plasebo kabul edýän ýa-da hiç hili bejergi almaýan gatnaşyjylar deňeşdirildi. Barlagçylar kliniki taýdan ähmiýetli täsirleriň kriteriýalaryny öňünden kesgitlediler we her bir barlagyň hiline baha berdiler.
Işiň netijesi boýunça döwülmeleriň, ýykylmalaryň ýa-da başga şikesleriň öňüni almak bilen baglanyşykly görkezijilerde düýpli ösüş ýüze çykarylmady. Düýpli täsiriň bolmazlygy ýaşyny, jynsyny, ýykylmaga ýykgyn ediş we iýmit arkaly kalsininiň kabul ediliş derejesini nazarda tutýan goşmaça barlagdan soň hem dowam etdi.
Barlagyň awtorlary bu alnan netijeleriň agyr dogabitdi süňk keselleri bolan adamlara ýa-da osteoporoz üçin ýöriteleşdirilen bejergi alýan näsaglara degişli däldigini nygtadylar.
Ýykylmak gartaşan adamlaryň arasynda saglygyň esasy meselesi bolmagynda galýar. Statistikanyň maglumatlaryna görä, 65 ýaşdan agan adamlaryň her üçden biri her ýyl ýykylýar. Bu ýykylmalaryň köpüsi süňküň döwülmegine sebäp bolýar, bu bolsa dowamly agyrylara, özbaşdaklygyň ýitmegine, ýaşaýyşyň hiliniň üzül-kesil peselmegine we köplenç ýöriteleşdirilen edaralarda uzak möhletli bejergi almaga zerurlyk döredýär.