Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul oýlap tapdylar.
Öňler kofe galyndysynyň çyglylygynyň ýokary bolmagy, guratmagyň bolsa uly energiýa talap edýändigi sebäpli ony gaýtadan işlemek iň uly mesele hasaplanýardy.
Günorta Koreýanyň täze tehnologiýasy bolsa bu kemçiligi düzedýär we galyndylary islendik kofehanadan ýygnalandan soň, gönümel diýen ýaly gaýtadan işlemäge şert döredýär.
Patragyňka meňzeş täsir
Bu täze usula "plazma alawyndaky piroliz" diýlip at berildi. Biomassany gaýtadan işlemegiň adaty usullaryndan tapwutlylykda, bu tehnologiýa çyglylygy 55% töweregi bolan çig mal bilen deslapky guratma ýa-da ýaglaryny aýyrma işlerini geçirmezden işläp bilýär. Çygly kofe galyndysy atmosfera basyşy astynda göni plazma alawynyň zolagyna ugradylýar.
Enjam suwuklandyrylan nebit gazy (propan we butan garyndysy) hem-de gysylan howa arkaly işleýär we gyzgynlygy 800-den 900 °C çenli ýetýän plazma alawyny döredýär. Şolbada we çalt gyzma sebäpli, kofe bölejikleriniň içindäki suw dessine gaýnaýar we bugarýar. Içki basyş bolsa mikro-partlamalary — ýagny «patrak täsirini» ýüze çykarýar. Şol pursatda guratma, kömürleşme we materialyň öýjükli gurluşynyň emele gelmegi bir wagtda bolup geçýär. Şeýlelikde, çyglylyk piroliz hadysasyna bökdençlik döretmän, eýsem tersine, oňa kömek edýär.
Tizlik taýdan plazma pirolizi çygly biomassany işlemegiň beýleki usullaryndan has öne geçýär. Torrefikasiýa on minut töweregi, gidrotermal karbonizasiýa bolsa bir sagatdan alty sagada çenli wagty alýan bolsa, koreýleriň bu enjamy işi bir ýarym minudyň içinde tamamlaýar.
Taslamanyň awtorlarynyň bellemegine görä, dünýäde her ýyl 10 million tonnadan gowrak kofe çökündisi emele gelýär. Döredilen täze tehnologiýany diňe bir kofe üçin däl-de, eýsem başga çygly organiki galyndylar, mysal üçin, oba hojalyk biomassasy, iýmit galyndylary we lagym suwlarynyň çökündileri üçin hem ulanyp bolar. Işiň ýokary tizligi we enjamlaryň göwrüminiň oňaýygy sebäpli, gaýtadan işlemegi göni galyndylaryň ýygnanýan ýerlerinde gurnap bolar.
Şonuň ýaly-da, barlagçylar bu tehnologiýanyň senagat derejesine çykarylmagy üçin enjamlaryň we prosesleriň üstünde ýene-de goşmaça kämilleşdiriş işleriniň geçirilmelidigini hem belleýärler.