Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

  • 21.11.2025 23:19
  • 8k+

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär.

Mikel Krusafont adyndaky paleontologiýa boýunça Kataloniýa institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary ýumurtga gabyklaryny palçyk çukurda tapdy. Ýumurtga Awstraliýanyň çäginde, takmynan, 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodillere – mekozuhinlere degişlidi. Alymlar indi bu krokodilleriň diňe bir özboluşly anatomiýasyny däl, eýsem olaryň köpelmek we üýtgeýän gurşawa uýgunlaşmak usullaryny öwrenip boljakdygyny belleýär.
Süýji suwlarda ýaşaýan häzirki krokodillerden tapawutlylykda, mekozuhinleriň käbirleri gury ýerde aw edipdir, tokaýlarda ýaşapdyr we hatda awlaryna hüjüm etmek üçin agaçlara dyrmaşypdyr. Bu krokodilleriň uzynlygy bäş metre ýetipdir.
Barselona uniwersitetinden ylmy gözlegiň esasy awtory Ksawýer Panades-i-Blas paleontologiýada, köplenç, ýumurtga gabyklaryna ähmiýet berilmeýändigini belleýär.

“Biziň gözleglerimiz bu bölekleriň näderejede gymmatly maglumatlary berip biljekdigini görkezýär. Ýumurtga gabygy paleontologik gözlegleriň adaty bölegi bolmaly – ol süňkler we dişler bilen bir hatarda ýygnalmaly, saklanmaly we seljerilmeli” – diýip, alym belledi.


düýn 20:00
1k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
722

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.9k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......