Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

  • 04.06.2026 19:55
  • 6k+

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini çaklaýarlar.

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň we Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Sibir şahamçasynyň Gün-Ýer fizikasy institutynyň maglumatlaryna görä, M9.3, M7.7 we X1.0 klasly partlamalar hasaba alyndy. Soňky partlama soňky bir ýarym aýyň dowamynda birinji X klasly partlama boldy.

Hünärmenler plazmalaryň tas bir wagtda zyňlandygyny belleýärler. X1.0 partlamasyndan soň emele gelen plazma buludy öňki iki akymyň yzyndan hereket edýär we planetara giňişlikde olar bilen özara täsirleşip biler. Bu çaklamany kynlaşdyrýar we Ýeriň magnitosferasy bilen galtaşanda täsiri güýçlendirip biler.

Deslapky hasaplamalara görä, ilkinji iki zyňyndy 5-nji iýuna geçilen gijesi G3-G4 derejeli magnit tupanyny döredip biler. Alymlar Gün plazmasynyň birnäçe akymynyň gabatlaşmasyny göz öňünde tutup, çaklamany takyklaşdyrmagy dowam etdirýärler.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......