100 ýaşdan uly 150 awstraliýaly Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 23.11.2025 21:08
  • 6.7k+

Awstraliýada uzak ýaşan ýaşaýjylaryň iň uly ýygnanyşygy boldy: ýurduň 100 we ondan uly ýaşly 150 ýaşaýjysy baýramçylyk saçagynyň başynda duşuşdy. Olaryň umumy ýaşy 15 müň ýyldan geçdi. Bu dabara Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy.

Duşuşyk Awstraliýada oktýabryň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Mamalaryň we babalaryň gününde Täze Günorta Uelsiň parlamentinde geçirildi. Onuň guramaçysy garry adamlara we mümkinçiligi çäkli adamlara seretmek boýunça hyzmatlary hödürleýän My Guardian kompaniýasy boldy.
Bu çärä taýýarlyk bir ýyl ozal başlandy. Guramaçylara uly ýaşly köp gatnaşyjylaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutmak gerekdi. Taýýarlyga meýletinçiler, gatnaşyjylaryň garyndaşlary we kompaniýanyň hyzmatdaşlary gatnaşdy.
Her bir ýaşaýjynyň ýaşy resmi taýdan tassyklandy. Olaryň arasynda iň garry gatnaşyjy 109 ýaşyndady.
Myhmanlaryň birinden saglygyny saklap, şeýle uly ýaşa ýetmeginiň nädip başardandygy soralanda, ol “Näme etseňizem, bar güýjüňiz bilen synanyşyň” diýip jogap berdi.
Belläp geçsek, häzirki wagtda Ýer ýüzünde iň garry adam Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Etel Katerhem hasaplanýar. Ol 2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda 116 ýaşyny doldurdy.


08.06.2026 18:02
4.5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.2k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 10:16
6.6k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

08.06.2026 08:03
4.8k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....