Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

  • 08.06.2026 08:03
  • 5.4k+

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär.

Mundan öňki dünýä rekordy belgiýaly ylgawçy Hilde Dosonýe degişlidi. Ol 366 gün bolan 2024-nji ýylyň dowamynda her gün bir marafon ylgap, 366 günde 366 marafony beýlesine geçirmegi başardy.

Hýubner özüniň rekord goýan ylgawyna 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda başlady. Şondan bäri ol tutuş ýylyň dowamynda her gün 42 kilometrlik marafon aralygyny ylgap geçýär. Onuň täze rekordy 2-nji iýunda resmi hasaba alyndy. Şu aýyň 6-syna bolsa, özerkli zenan häzirki wagta çenli 371-nji marafonyny geçmegi başardy.

Hýubner bu üstünligi bilen çäklenmek islänok. Ol Germaniýanyň ähli şäherlerine aýlanmagy we bu ugruny 8-nji oktyabrda Berlinde tamamlamagy meýilleşdirýär. Şol wagta deňiç marafonlaryň umumy sany 495-e ýeter.

Onuň hasaplamalaryna görä, tutuş taslamanyň dowamynda ol jemi 21 müň kilometrden gowrak aralygy ylgap geçer.

Gezelenjiň dowamynda nemes şäherleriniň ýaşaýjylary hem dowamly Joýs Hýubnere goşulýarlar. Olaryň käbiri türgen bilen bilelikde ugruň belli bir bölegini ylgap geçýärler.

Türgen zenan 11 ýyldan bäri ylgaw bilen meşgullanýar. Onuň gatnaşan ilkinji marafony 2018-nji ýylda boldy. Ol 2023-nji ýylda hem uzak möhletli uly ylgaw gurap, onuň dowamynda yzly-yzyna 120 marafon aralygyny geçmegi başarypdy.


şu gün 10:00
1.8k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
3.1k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....