Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

  • şu gün 10:00
  • 1.5k+

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki netijeliligi 80–90%-e ýetýär.

Radio ZET-iň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda ýurtda takmyndan 22 million inedördül metr meýdany tutýan Gün kollektorlary ulanylýar. Bu görkeziji goňşy döwletleriňkiden has ýokarydyr.

Bu güýçli islegiň esasy sebäpleriniň biri döwlet tarapyndan berilýän goldaw maksatnamalary hem-de ýylylyk zerurlygynyň agramly bölegini Gün şöhlesinden alýan «Gün öýleri» (solar houses) düşünjesiniň giňden ýaýramagydyr.

Hünärmenleriň bellemegine görä, Gün kollektorlary adaty elektrik öndürýän Gün panelleriniň ýerini tutman, eýsem olaryň üstüni ýetirýär. Häzirki wagtda bu iki tehnologiýa ýylylyk nasoslary we energiýany saklaýan ulgamlar bilen bilelikde has ýygy-ýygydan utgaşdyrylyp ulanylýar.

Gün kollektorlary aýratyn-da köp öýli ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, sport desgalary we bütin ýylyň dowamynda gyzgyn suw sarp edilişi ýokary bolan beýleki binalar üçin iň amatly we netijeli ulgam hasaplanylýar.


08.06.2026 08:03
5.4k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 21:06
8.1k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......