Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

  • 25.05.2026 21:06
  • 8k+

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar.

​Bu tehnologiýa uly bolmadyk köprüler üçin niýetlenendir we ol eýýäm A3 awtomagistralyndaky bäş sany köpriniň durkuny täzelemekde ulanyldy. Inženerleriň aýtmagyna görä, her obýektdäki işler takmynan üç aý töweregi wagt aldy, köprüleriň astyndaky gidiş-geliş bolsa diňe hepdäniň iki dynç günleri ýapyldy.

​Kiçi köprüleriň iň gowşak bölegi, adatça, wagtyň geçmegi bilen mikro-jaýryklar emele gelýän direg gurnamalary hasaplanylýar. Bu bolsa betonyň zaýalanmagyna we desgalaryň berkliginiň gowşamagyna getirýär.

​Betonyň ýerine dykyzlandyrylan topragy ulanmak pikiri baryp, 1960-njy ýyllarda Fransiýada ýüze çykypdy. Şonda inženerler topragyň giňelmeginiň öňüni alýan gaýym tor bilen ony berkitmegi teklip edipdiler.

​Nemes hünärmenleri bolsa dykyzlandyrylan we plastik torlar bilen berkidilen topragyň gezekleşýän gatlaklaryndan köp gatlakly gurnamalary döredip, bu çemeleşmäni has-da ösdürdiler. Bu ýerde plastik esasy agramy götermeýär, eýsem topragyň göwrümini üýtgetmeginiň öňüni alýar.

​Inženerler şeýle tehnologiýanyň betonyň ulanylyşyny azaltmaga, gurluşygyň gymmatyny peseltmäge we işleri çaltlandyrmaga mümkinçilik berýändigini aýdýarlar. Şunda gurnamanyň berkliginiň adaty çözgütler bilen bäsleşip biljek derejededigi öňe sürülýär.

​Bu usuly beýik köprüler üçin däl-de, has ýönekeý desgalar üçin ulanyp bolýar.


12.06.2026 01:36
5.5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

23.05.2026 15:54
7.3k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......