Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

  • 23.05.2026 15:54
  • 7.3k+

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Büzmeýin etrabynda her biri 720 orunlyk 2 sany umumybilim berýän mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň hem-de kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediljek saglyk öýüniň taslamalaryny düzmek we gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Täze binalaryň gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň maý aýynda başlanar. Bilim ojaklaryny we çagalar bagyny 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda, saglyk öýüni bolsa 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.


düýn 01:36
4.4k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7.1k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....