Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

  • 19.05.2026 16:54
  • 9.6k+

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7 million gezek surata düşürdi.

Surat enjamynyň obýektiwine 2026-njy ýylyň 11-nji maýynda United Airlines awiakompaniýasynyň Hýustondan Los-Anželese uçup barýan UAL2460 belgili uçary düşdi. Uçar Günüň öňünden geçip barýan wagtynda Günüň ýüzünden örän güýçli zarp bilen iki sany gyzgyn plazma akymy-da atylyp çykdy.

Uçaryň Günüň öňünden geçip gitmeginiň sekuntdan hem az wagt alýandygy üçin, suratçy örän ýokary tizlikde yzygiderli düşürýän kamerany ulandy.

Şeýle-de, MakKarti bu täsin wakanyň wideosyny iki dürli: ilki sekuntda 10 kadr tizlik bilen haýalladylan, yzyndan bolsa sekuntda 85 kadr tizlikde örän ýakyndan düşürilip, şonça wagtyň içinde 24 kadr (fps) tizlikde görkezilýän görnüşde paýlaşdy.

Bu işiň iň esasy aýratynlygy we kynçylygy suratçynyň uçaryň geçişini bir wagtda iki dürli obýektiwde surata alyp galmagy başarmagydyr. Munuň özi toplanan materiallary biri-biriniň üstüne goýup, örän ýokary durulykdaky ýeke-täk suraty döretmäge mümkinçilik berdi. Netijede, bu suraty gaty uly ölçegdäki plakat edip çykaranyňda hem onuň hili bütinleý üýtgemeýär.

Mundan ozal, ýagny 2025-nji ýylda hem Endrýu MakKarti edil şuňa meňzeş usul bilen Günüň öňünden paraşýut bilen böküp barýan adamyň şekilini surata düşürip, hemmeleri geň galdyrypdy.


düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

düýn 15:06
1.9k+

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......

düýn 10:00
3.9k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....