Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady.
Resminama görä, şäher häkimiýetleri uly ýaşly raýatlar üçin awtobus gatnawlarynyň bahasynyň dolulygyna ýa-da bölekleýin ýagdaýda öwezini dolup biler. Bu ýeňillik hukugy 70 ýaşdan başlap berler.
Býujete düşýän agramy azaltmak üçin mugt gatnawlaryň sanyny bir adam üçin aýda 14 sapara çenli çäklendirmek teklip edilýär. Şäher häkimliginiň deslapky hasaplamalaryna görä, bu maksatnamany durmuşa geçirmek her ýyl, takmynan, 52,5 milliard wona (takmynan, 34 million dollar) serişde talap eder.
Bu başlangyç Seulyň häkimi O Sehunyň saýlawdan öňki wadalarynyň biri bolupdy. Iýul aýynda şäher häkimiýetleri maksatnamany durmuşa geçirmegiň meseleleri barada maslahatlaşmak üçin uly ýaşly ýaşaýjylaryň, ulag hünärmenleriniň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda jemgyýetçilik diňlenişigini geçirmegi meýilleşdirýär.
Bu täze çäräniň metro stansiýalaryndan uzakda ýaşaýan uly ýaşly ýaşaýjylar üçin ulag elýeterliligini ýokarlandyrmagyna garaşylýar.