Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

  • şu gün 15:06
  • 454

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi. 25-nji iýundan başlap, kiçi ýaşly çagalar bilen syýahat edýän ene-atalar olaryň gapdalyndan mugt ýer alyp biler.

Täze düzgünlere görä, mugt ýerler uçaryň guýruk böleginden berler, öňdäki hatarlardaky ýerler bolsa öňküsi ýaly goşmaça tölegli bolmagynda galar.

11-nji iýunda CMA guramasy çaganyň ýanynda oturmak mümkinçiligi üçin ene-atalardan töleg alynýandygy sebäpli awiakompaniýa garşy derňew işini başlapdy.

Ozal Ryanair-de şeýle düzgün hereket edýärdi: eger siz 2 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky çaga bilen uçýan bolsaňyz, uly adamlaryň biri hökmany suratda ýer saýlamak üçin töleg tölemelidi (takmynan, £8). Diňe şol tölegli brondan soň, ulgam çagalar üçin dörde çenli mugt ýeri ene-atanyň gapdalyndan berýärdi. Eger ene-ata töleg tölemekden ýüz öwürse, ulgam howpsuzlyk logikasyny hem bozup, maşgala agzalarynyň orunlaryny bilgeşleýin uçaryň dürli ýerlerine düşürip bilýärdi.

Iri awiakompaniýalaryň köpüsinde şeýle tejribe ýokdy we Ryanair uzak wagtlap ýewropaly gatnadyjylaryň arasynda bu babatda ýeke-täk kadadan çykma bolup galýardy. Köp sanly loukosterlerde ýerleri paýlamak ulgamy başdan uçarda gapdalda boş ýerler bar bolsa, çagalary ene-atalary bilen awtomatik we mugt birleşdirer ýaly ýagdaýda gurnalan.

Ryanair-iň baş direktory Maýkl O'Liri kompaniýanyň «pudak standartlaryna islegsiz ýagdaýda uýgunlaşýandygyny» mälim etdi, çünki ol öňki syýasaty kanunçylyga doly laýyk hasaplaýardy. Onuň aýtmagyna görä, ozal maşgalalar nirede oturjakdyklaryny öňünden bilýärdi, häzir bolsa mugt ýerleriň paýlanylyşy diňe bellige alyş gutarandan soň mälim bolýar.

BBC gullugynyň habar bermegine görä, syýasatyň üýtgedilmegine garamazdan, britan düzgünleşdirijisi derňew işlerini dowam etdirer we täze tertibiň kanunçylygyň talaplaryna laýyk gelýändigini ýa-da gelmeýändigini barlar.


25.06.2026 20:02
7.5k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 19:04
8.8k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

20.06.2026 19:55
12k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...