BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

  • şu gün 20:02
  • 2.1k+

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini özara birleşdirjek demirýol ulgamyny döretmegiň ilkinji tapgyry bolar.

Ilkinji tapgyrda otlular Abu-Dabi we Fujeýra şäherleriniň arasynda gatnar. Ýoldaky wagt 1 sagat 45 minuta deň bolar. Petekleriň bahasy «Komfort» klasda 55 dirhamdan (takmynan, 14,85 dollar), «Premium» klasda bolsa 120 dirhamdan (takmynan, 32,40 dollar) başlanýar.

30-njy sentýabrdan Dubaý — Al-Dhaýd ugruny açmak, 30-njy dekabrda Al-Dafradaky stansiýalary işe girizmek, 2027-nji ýylyň 30-njy martyndan bolsa Şarja emirligindäki stansiýalary açmak meýilleşdirilýär. Demirýol ulgamyny doly güýjünde ulanmaga bermek işleri bolsa 2028-nji ýyla çenli tamamlanar.

Uzynlygy 900 kilometre ýetýän demirýol liniýasy 11 sany şäheri özara birleşdirer. Otlular tizligini sagatda 200 km çenli artdyryp biler we bir gezekde 400 ýolagçyny gatnadyp biler. Wagonlarda işlemek we dynç almak üçin ýörite zolaklar, göwün açyjy ulgamlar, zarýad beriji enjamlar, iýmit we sowadyş ulgamlary göz öňünde tutuldy.

Etihad Rail kompaniýasy 2009-njy ýylda döredildi. Demir ýoluň birinji tapgyry 2016-njy ýylda, ikinji tapgyry bolsa 2023-nji ýylda işe girizildi. Häzire çenli bu infrastruktura diňe ýük daşamak maksatlary üçin ulanylypdy.


düýn 10:10
4.5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 19:04
7.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

20.06.2026 19:55
11k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:36
6.3k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......