Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

  • 09.05.2026 10:32
  • 5.4k+

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir ýurtlarynda we Ýakyn Gündogarda satylýardy.

Awstraliýaly alyjylara saýlamak üçin iki sany görnüş hödürlener — GR Sport we Sahara ZX. Olaryň ikisi hem i-Force Max gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ulgama 3,5 litrlik iki turbonadduwly V6 hereketlendiriji we elektromotor girýär. Enjamyň umumy kuwwaty 457 at güýjüne, aýlaw pursaty bolsa 790 Nm-e deňdir. Bu görkezijiler adaty dizel hereketlendirijili Land Cruiser 300-den has ýokarydyr.

Awtoulag 10 basgançakly awtomatiki geçiriji guty we Toyota-nyň özboluşly doly çekiji ulgamy bilen üpjün edildi. GR Sport görnüşi, şeýle-de kämilleşdirilen podweska we differensiallaryň elektron blokirofkalary bilen tapawutlanýar.

Gibrid modeliniň aýratynlyklarynyň arasynda elektrikli rul güýçlendirijisi we salonyň yzky böleginde ýerleşýän 1500 Wt kuwwatly rozetka bar.

Gibrid Land Cruiser 300 diňe bäş orunlyk wariantda elýeterli bolar. Awstraliýada satuwlar 2026-njy ýylyň ortalarynda başlar.

GR Sport-uň bahasy 113 müň dollardan, Sahara ZX-iň bahasy bolsa 113,5 müň dollardan başlaýar. Bu bahalar V6 herketlendirijisi bolan meňzeş modellerden takmynan 6500 dollar gymmatdyr.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......