Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

  • şu gün 09:57
  • 878

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly interýere we güýç gurluşynyň birnäçe görnüşlerine, şol sanda gibrid hem-de doly elektrikli görnüşlerine eýe boldy.

Täze ulag diňe doly ýörediji bilen dört gapyly Double Cab görnüşinde hödürlener. Ulagyň daşky görnüşi Tough x Agile konseptinde ýerine ýetirildi: pikap inçe LED çyralaryny, TOYOTA ýazgysy bolan täze radiator gözenegini, giňeldilen tigir arkalaryny we ýük platformasyna elýeterliligi aňsatlaşdyrýan döwrebaplaşdyrylan elementleri aldy.

Ulagyň salony Land Cruiser modeliniň stilinde taýýarlandy. Awtomobil 12,3 dýuymlyk wirtual enjam paneli we 12,3 dýuýma çenli ekrany bolan Toyota Smart Connect multimedia ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle hem simsiz Apple CarPlay we Android Auto ulgamlary goldanylýar.

Hereketlendirijileriň hataryna 204 at güýjüne deň bolan Hybrid 48V dizel gibridi, garyşyk siklde 257 km çenli we şäher içinde 380 km çenli ýol geçýän doly elektrikli BEV görnüşi, şeýle-de aýratyn bazarlar üçin adaty benzin we dizel modifikasiýalary girizildi. Wodorod bilen işleýän FCEV görnüşine bolsa 2028-nji ýylda garaşylýar.

Gibrid görnüşiniň ýük göterijiligi 1000 kg-den geçýär, tirkegi çekmegiň iň ýokary agramy bolsa 3500 kg ýetýär.


düýn 23:53
1.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....