«Ýer ala, ýurt ala» : Awstraliýada 50 graduslyk jöwza höküm sürýär

  • 28.01.2026 11:12
  • 13k+

Awstraliýada rekord derejedäki yssy howa höküm sürýär. Ýurtda 27-nji ýanwarda howanyň temperaturasynyň 50 gradusa golaýlandygy hasaba alyndy.
Sky News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli meteorologlar Wiktoriýa ştatynyň birnäçe ilatly nokatlarynda termometrleriň 48,9 gradusa çenli ýokarlanandygyny mälim etdiler. Eger bu maglumat resmi taýdan tassyklansa, onda ol sebit üçin rekord görkeziji bolar.
Häkimiýet ilaty aşa yssy howa sebäpli ýurtda tokaý ýangynlarynyň ýüze çykmak howpunyň ýokarlanandygyny duýdurdylar. Rekord derejelerine ýakyn bolan epgek häzirki wagtda «Australian Open» tennis turniriniň geçirilýän ýeri bolan Melburn şäherinde hem dowam edýär. Guramaçylar gyssagly çäreleri görmäge, şol sanda kortlaryň süýşürilýän üçekleriniň kömegi bilen türgenleri we tomaşaçylary goramaga mejbur bolýarlar.
 


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......