Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

  • 30.03.2026 23:13
  • 14k+

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär.

Bu tebigy hadysa 27-nji martda Günbatar Awstraliýanyň Akulalar aýlagy sebitinde "Narell" tropiki harasatynyň golaýlaşmagy bilen hasaba alyndy. Munuň esasy sebäbi — düzüminde demir oksidi bolan tozany asmana göterýän güýçli şemallardyr. Bu ýagdaý ýurduň gurak sebitleri üçin mahsus ýagdaýdyr.

Internet "Shark Bay Caravan Park" syýahatçylyk kemping-parky tarapyndan paýlaşylan wideo giňden ýaýrady.

"Daşary diýseň gorkunç. Hemme ýer tozana gaplanan. Şemal häzirlikçe pes. Bu tozanlary ýuwup gider ýaly ýagyşlar ýeterlik bolar diýip tama edýäris. Şu gün biziň üçin, şübhesiz, dynç güni bolar" diýip, seýilgähiň işgärleri ýazdylar.


17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......