BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

  • 24.03.2026 07:08
  • 4.2k+

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar.

Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy.

2024-nji ýyl iň yssy ýyl bolmagynda galýar, şonda bu görkeziji 1,55 dereje bolupdy.

2015-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli döwür soňky 11 ýylyň iň yssy döwri diýip ykrar edildi. Hasabatda ilkinji gezek Ýeriň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagynyň görkezijisi - gelýän we çykýan energiýanyň arasyndaky tapawut berildi. Ol 65 ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetdi.

Kömürturşy gazynyň, metanyň we azot oksidiniň konsentrasiýalary soňky 800 000 ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetdi. Artykmaç ýylylygyň 91% -den gowragyny umman özüne siňdirýär.

"Global howa adatdan daşary ýagdaýdadyr. Ýer planetasy öz mümkinçilikleriniň çäginden çykýar. Howanyň ähli esasy görkezijileri howsala salýar" - diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş belledi.


17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......