Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

  • 17.05.2026 23:10
  • 11k+

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar.

Şeýle agyr şertler energiýa ulgamlaryna aşa agram salýar, elektrik energiýasynyň kesilmegine we suw gahatçylygyna sebäp bolýar. Netijede millionlarça adamyň gündelik durmuş tertibi üýtgeýär we gündizlerine köçä çykmagyny çäklendirýär.

Pakistanyň günortasynda, esasan hem Sind welaýatynda howanyň gyzgynlygy yzygiderli +44°C we +46°C-den ýokary geçdi. Karaçi şäherinde iň ýokary görkeziji +44,1°C-ä ýetip, bu 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri rekord derejedir. Klimatologlar gijelerine-de howanyň gyzgyn bolmagynyň we çyglylygyň ýokarlanmagynyň ýaşaýjylara örän agram salýandygyny belleýärler. Soňky ýyllar bu sebitde ortaça temperatura 1,4°C, Sindde bolsa 1,7°C ýokarlandy, munuň netijesinde tomus pasly has uzalyp, geçmesi kyn bolup başlady.

Meňzeş ýagdaý Hindistanyň Radžastan, Gudžarat, Maharashtra ştatlarynda we birnäçe demirgazyk sebitlerinde hem ýüze çykýar, ol ýerlerde gyzgynlyk +45°C-den geçdi. Häkimiýetler ilat üçin ýörite duýduruşlary çap edýärler.

Seljerijileriň pikiriçe, bu aşa yssylyk uzak möhletli howa üýtgemeleri we şäherleşme sebäpli ýüze çykýar. «World Weather Attribution» guramasynyň maglumatlaryna görä, ynsan täsiri esasynda dörän şeýle ýagdaýlar yssy howa tolkunlarynyň ýüze çykmak ähtimallygyny üç esse artdyrdy.

Hünärmenler täze howa şertlerine uýgunlaşmak üçin gyssagly çäreleri görmäge – salkynladyjy merkezleri döretmäge, suw elýeterliligini giňeltmäge, lukmançylyk taýdan taýýarlylygy ýokarlandyrmaga we şäherleri bagy-bossanlyga öwürmäge çagyrýarlar.


25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....