Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

  • şu gün 09:31
  • 1.2k+

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe minut soň, Ýaponiýanyň bütin çäginiň gündogara tarap, takmynan, 5–6 millimetr süýşendigini görkezdi.

Bu hereketiň sebäbi, ähtimal, 9,0 bal ululykdaky ýertitremeden soň planetanyň galyň gatlagyndan geçip, onuň ýadrosyna ýeten, soňra yzyna serpikdirilip, ýene-de ýeriň üstüne gaýdyp gelen seýsmik tolkunlar boldy. Şeýle özboluşly «ýaň» Ýapon arhipelagynyň astyndaky litosfera plitalarynyň goşmaça süýşmegine getirdi.

Ylmy-barlag işini Çikago uniwersitetiniň dosenti Pak Sonýeniň ýolbaşçylygyndaky amerikan we fransuz alymlarynyň topary geçirdi. Hünärmenler heläkçiligiň netijelerini hakyky wagt tertibinde hasaba alan müňlerçe seýsmik stansiýalaryň we ýokary takyklykdaky GPS datçikleriň maglumatlaryny seljerdi.

Esasy ýerasty sarsgyndan, takmynan, 13 minut geçenden soň, Ýaponiýanyň çäginde günbatardan gündogara ýaýran adatdan daşary süýşüriji tolkun ýüze çykdy. Alymlar muny hemra gözegçilikleriniň maglumatlary bilen deňeşdirip, tolkunyň Ýeriň ýadrosynyň serhedinden yzyna serpilen seýsmik energiýa bilen baglanyşyklydygyny anyklady.

Ýeriň üstüne gaýdyp gelen bu energiýa birnäçe iri tektonik plitalaryň — Ýuwaş umman, Ohotsk we Ýewraziýa plitalarynyň arasyndaky serhetleri işjeňleşdirdi, bu hem olaryň birden we bir wagtda süýşmegine getirdi.

Şeýle mehanizm ozal seýsmologiýa ylmynda nazarda tutulmandy diýen ýaly. Indi bolsa barlagçylar Ýeriň ýadrosyndan serpilen tolkunlaryň «super ýertitremelerine» täsir edip biljekdigini öňe sürýär. Muny hasaba almak bilen seýsmik töwekgelçilikleri we heläkçilikleriň gaýtalanma ähtimallygyny has takyk bahalandyrmak bolar.

Demirgazyk-gündogar Miýagi prefekturasynyň kenarýakasynda bolup geçen ýertitreme Ýaponiýanyň döwrebap taryhynda iň güýçlüsi boldy. Onuň döreden sunami tolkunlary we «Fukusima-1» AES-indäki heläkçilik XXI asyryň iň uly tehnogen we gumanitar betbagtçylyklarynyň birine getirdi. Bu wakada 16 müňe golaý adam pida boldy, ýene 2,5 müňden gowrak adam bolsa häli-häzirem dereksiz ýiten hasaplanýar.


20.06.2026 14:57
7.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....