El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

  • 11.05.2026 11:37
  • 5.1k+

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur.

Ýewropanyň Copernicus gullugynyň maglumatlaryna görä, maý aýynyň başynda deňziň ýüzüniň temperaturasy 2024-nji ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi we bilermenler şu aýyň taryhda iň yssy aý bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. 

Häzirki wagtda ummanlar antropogen işjeňligi sebäpli döreýän artykmaç ýylylygyň takmynan 90%-ni özüne siňdirmegini dowam etdirýär. Häzirki temperatura ýokarlanmasy uzak möhletli global maýlamaklygyň fonunda bolup geçýär: aprel aýyndaky temperatura eýýäm taryhda ikinji iň ýokary derejä öwrüldi, Ýuwaş ummanynyň tropiki böleginde bolsa rekord derejede deňiz ýylylygy hasaba alyndy.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy El-Ninýonyň işjeň tapgyrynyň maý we iýul aýlary aralygynda başlajakdygyny, ýeliň hem-de suwuň temperaturasynyň üýtgemegine, dünýäde gurakçylyga we güýçli ýagyşlara sebäp boljakdygyny çaklaýar.

Bilermenler otuz ýyl mundan ozal goýlan rekordlara barabar güýçli "super" El-Ninýonyň bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýarlar. Berkeley Earth-niň alymlarynyň maglumatlaryna görä, bu prosessiň intensiwligi gury ýeriň temperaturasyna gönüden-göni täsir edýär.

El-Ninýonyň täsiriniň, adatça, emele geleninden bir ýyl soň iň ýokary derejä ýetýändigini göz öňünde tutup, bilermenler 2027-nji ýylda ähli döwürleriň temperatura rekordynyň goýulmak howpynyň bardygy barada duýduryş berýärler.


17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......