Awstraliýada 100 ýyl bäri birinji gezek täze şäher gurlar

  • 19.02.2026 00:20
  • 4.5k+

Awstraliýada Sidneýiň günbatarynda, ýaňy-ýakynda açylan «Western Sydney» halkara uçar menziliniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze Bredfild şäheriniň esasy meýilnamasy tanyşdyryldy. Bu taslama ýurtda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döredilen ilkinji iri şäher aglomerasiýasy bolar. 

Umumy meýdany 114 gektary öz içine alýan taslama, Amerikanyň «SOM» binagärlik studiýasy tarapyndan Awstraliýanyň «Hassell» býurosy bilen bilelikde işlenip düzüldi.


Bredfild şäheri Sidneýiň täze şäher özeni hökmünde kesgitlenildi we ol megapolisiň işewürlik merkezinden takmynan 50 kilometr uzaklykda ýerleşer. Meýilnama laýyklykda, şäherde 10 müňe golaý ýaşaýyş jaýy, uniwersitet şäherçesi, dört sany jemgyýetçilik merkezi we giň göwrümli  ýaşyl zolaklar ulgamy bina ediler. Bu ýaşyl zolaklaryň arasynda uzynlygy 2,2 kilometr bolan «Green Loop» seýilgähi we 2 gektar meýdany eýeleýän Merkezi seýilgäh aýratyn orun alar.
Taslama dolulygyna ekologik durnuklylyga we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilendir. Şeýle-de, şäheriň konsepsiýasy taýýarlanylanda Awstraliýanyň ýerli halklarynyň medeniýeti we durmuş ýörelgeleri hem düýpli nazarda tutuldy. 
Gurluşygyň ilkinji tapgyry 5,7 gektar meýdany öz içine alyp, bu çäkde 1400 sany öý, ofis we söwda binalary, myhmanhana hem-de açyk jemgyýetçilik meýdançalary ýerleşdiriler.


06.03.2026 20:39
5.3k+

Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy

Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar...

02.03.2026 12:19
4k+

Suratkeş Pariždäki Pon-Nýof köprüsini «gowaga» öwürýär

Fransuz suratkeş JR Parižiň Pon-Nýof köprüsini ses effektlerini we goşmaça hakykat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pyýada gezelenç edilýän «gowaga» öwürer. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär. Artnet...

01.03.2026 11:08
8.7k+

Er-Riýadda iki kilometrlik Rise Tower gökdirän binasynyň taslamasy görkezildi

Saud Arabystany Er-Riýadda bina edilmegi meýilleşdirilýän Rise Tower gökdirän binasynyň renderlerini görkezdi. Taslama görä, binanyň beýikligi, takmynan, iki kilometr bolar. Ony durmuşa geçirmek başartsa, ol ýer ýüzüniň iň beýik desgasy bolar we Dubaýdaky Burj Halifa we häzirki wagtda gurulýan Jeddah Tower-den hem öňe geçer...

03.02.2026 21:28
4.6k+

Rimde Trewi çüwdürimine teňňe oklamak tölegli boldy

Rimde Trewi çüwdüriminiň golaýyna barmak üçin töleg girizildi. Indi çüwdürimiň ýakynynda durmak we oňa şaýlyk pul taşlamak isleýän syýahatçylar 2 ýewro tölemeli bolarlar. Şäher häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bu çäre syýahatçylygyň şähere salýan agramyny azaltmaga we taryhy ýadygärligi saklamak üçin serişde toplamaga gönükdirilendir...