Suratkeş Pariždäki Pon-Nýof köprüsini «gowaga» öwürýär

  • 02.03.2026 12:19
  • 4.2k+

Fransuz suratkeş JR Parižiň Pon-Nýof köprüsini ses effektlerini we goşmaça hakykat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pyýada gezelenç edilýän «gowaga» öwürer. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär.

Artnet neşiri «Pont Neuf Cavern» atly taslamanyň 1985-nji ýylda bu binany we onuň çyralaryny altynsow reňkli ýüpek mata bilen orap çykan suratkeşler Kristo we Žann-Klodyň işleriniň 40 ýyllygyna bagyşlanýandygyny habar berýär.

Parižiň häkimliginiň we Kristo we Žanna-Klod fondunyň maglumatlaryna görä, uzynlygy 120 metr we beýikligi 17 metrden gowrak bolan gurluş gadymkyy belent gaýalary janlandyrar. Gurluşyň içinde gündizki ýagtylygy doly bökdeýän giňişlik döretmek meýilleşdirilýär. Ses bezegini «Daft Punk» duetiniň öňki agzasy Tomas Bangalter işläp düzer, goşmaça hakykatyň sanly gatlagyny bolsa Snapchat kompaniýasynyň AR-studiýasy taýýarlar. «Biz, ynha, hä diýmän, Parižiň merkezinde hakykatdanam haýran galdyryjy bir zady galdyrarys» diýip, JR ynamly söz berbär.

«Gowak» döretmek hakyndaky başlangyç pikir Kristonyň ýegeni Wladimir Ýawaçewe degişlidir. Parižiň häkimi Ann Idalgo hem bu işi goldap, ony şäher üçin «hakyky sungat sowgady» diýip atlandyrdy. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi tehniki we logistik kynçylyklar sebäpli 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyla geçirilipdi.

«Gowak» üstünde gezelenç 2026-njy ýylyň 6-njy iýunyndan 28-nji iýunyna çenli elýeterli bolar.


16.04.2026 11:08
2.8k+

Selin Dionyň Pariždäki konsertleri ýurda 1,2 mlrd ýewro girdeji getirip biler

Selin Dionyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Parižde geçirjek 16 konsertden ybarat bolan täze döredijilik sapary şäheriň syýahatçylyk pudagyna güýçli ykdysady itergi berer diýlip garaşylýar. Ekspertleriň baha......

16.04.2026 10:56
3.7k+

2,6 mln öwüşginli Lissabon halkara şäherler reýtinginde iň reňbe-reň şäher boldy

Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi....

02.04.2026 15:27
4.1k+

Dünýäniň iň meşhur muzeýleri mälim edildi: Luwr enteg-ä eýgerdenok

Parižiň Luwr muzeýi 2025-nji ýylda dünýäniň iň gelim-gidimli muzeýi adyny saklap galdy. Muny «The Art Newspaper» neşiriniň geçiren barlaglarynyň maglumatlary delillendirýär....

31.03.2026 13:58
3.5k+

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde Elzanyň buzly köşgi bilen Erendell şäheri guruldy

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde 2 milliard ýewrolyk giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň bir bölegi bolan «Doňan ýüregiň dünýäsi» atly täze tematik zolak açyldy. Bu barada «Associated Press» agentligi habar......