Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

  • 18.05.2026 15:03
  • 9.5k+

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny üýtgedýärler, gymmat bahaly myhmanhanalarda otag bronlaýarlar, gerek bolsa dünýäniň o çetine-de uçýarlar...

Olaryň bu boluşlaryna düşünmek kyn däl. Mysal üçin, Singapurda suwy göni asmana guýulýan ýaly görünýän, Parižde Žak-Iw Kustonyň ilkinji akwalangy synagdan geçirilen howuz bar. Londonda bolsa iki sany gökdiräni birikdirýän 35 metr belentlikdäki howuz «körpüde» ýüzüp bolýar. Onsoň, bular hakynda eşidip ýa okap, her kimde-de şol howuzlarda ýüzüp görmek islegi dörese gerek.

Singapur: megapolisiň ütündäki suw

«Marina Bay Sands» binasy baryp, haçandan bäri şäheriň simwolyna öwrüldi. Onuň meşhur infiniti basseýni takmynan 150 metre uzalyp, myhmanhananyň 57-nji gatyndaky üç sany diňi birleşdirýär. Bu ýeriň iň täsin tarapy bolsa, suwy göni megapolisiň köçelerine dökülýän ýaly edip görkezýän egsilmezlik illýuziýasydyr.

Pariž: köne kinony ýatladýan howuz

«Piscine Pontoise» edil Wes Andersonyň filmindäki sahnalar ýaly görünýär. Sary diwarlar, ar-deko stili, mylaýym agşam şuglasy we hut şu ýerde Kustonyň 1936-njy ýylda suw astyna çümmek üçin niýetlenen enjamlaryny synap görendigi hakyndaky taryhy hakykat.

Brýussel: şäheriň merkezindäki suwasty dünýä

«Nemo-33» bir wagtlar planetanyň iň çuň howzy bolupdy. Onuň çuňlugy 33 metr bolup, suwy Gün energiýasy bilen gyzdyrylýar. Howzy dörediji Bora-Boranyň ýalpak köllerinden ylham alypdyr we adamlara ummansyz hem daýwing bilen meşgullanmaga mümkinçilik bermegi arzuw edipdir.

Bali: jeňňellikleriň arasyndaky howuz

Ubudaky «Asma baglar» dünýäniň iň owadan kurortlarynyň sanawynda hemişe öň hatarlarda durýar. Kaskadly howuz bolsa, edil tropik tokaýyň we şaly meýdançalarynyň ýokarsynda asylyp duran ýaly täsir galdyrýar.

London we Şanhay: belentlikden gorkmaýanlar üçin howuzlar

Londondaky Embassy Gardens-de binalaryň arasynda gurlan dünýäniň ilkinji asma howzy ýerleşýär. Şanhayda bolsa mundan hem täsinini oýlap tapdylar. Ol ýerdäki düýbi dury aýnadan bolan howuz göni köçeleriň depesinde asylgy ýaly bolup dur.

Taýland: gyrmyzy suwly howuz

Samuidäki The Library myhmanhanasynda suw gyp-gyzyl bolup görünýär. Hakykatda bolsa, ol bütinleý dury. Bu üýtgeşik täsiri gyzyl, mämişi we sary reňkli mozaika plitkalary döredýär.

Käbir syýahatlar şäherden ýa-da ýurtdan başlanmaýar. Käte hemme zat, internetde tötänden görlen ýekeje howzuň suraty bilen başlanýar. Belki-de bu suratlar hem şolardandyr?!


05.06.2026 21:38
6.3k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.6k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......