«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

  • şu gün 14:41
  • 2.5k+

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly otly bolar.

Taslama Italiýanyň Arsenale kompaniýasy tarapyndan Saud Arabystanynyň Milli demir ýol kärhanasy (Saudi Arabia Railways) bilen goşulyp, ýurduň syýahatçylyk we medeniýet edaralarynyň goldawy arkaly durmuşa geçirilýär. Otlynyň dizaýnyny arhitektor Alin Asmar d’Ammana degişli. Ol öz işiniň bezeginde däp bolan saud nagyşlaryny ýewropa elementleri bilen utgaşdyrdy.

Otly 14 wagondan we 33 kupeden ybarat bolup, aňry gitse 66 ýolagça niýetlenendir. Ugurlar ýurduň dürli künjeklerine, şol sanda Al-Juf we taryhy Jubba sebitlerine bir günlük we köp günlük syýahatlary öz içine alýar. Ýolagçylara ýörite taýýarlanan tagamlar, medeni maksatnamalar, gije-gündizleýin hyzmat we şahsy gözegçilik wada berilýär.

Bir gijelik ýerleşmegiň bahasy iki adamlyk kupe üçin takmynan 8 müň dollardan başlaýar. Şeýle hem tutuş wagony kärendesine almak mümkinçiligi-de bolar.


şu gün 16:31
1.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

şu gün 00:59
5.6k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.4k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....