Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

  • düýn 16:31
  • 3.1k+

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär.

«22-nji iýundan başlap, ýurduň ähli halkara howa menzilleri, şol sanda Nýaçang arkaly uçup gelýän ähli syýahatçylar üçin elektron geliş kartasyny doldurmak indi hökmanydyr. Sowalnama rus dilinde hem elýeterli bolup, onda pasport maglumatlaryny, wiza baradaky maglumatlary, şeýle hem Wýetnamda boljak wagtyňy we ýeriňi görkezmek talap edilýär» – diýlip, habarda aýdylýar.

Anketany Wýetnamyň migrasiýa gullugynyň portalynda ýurda girmezden 72 sagat öň dolduryp bolýar. Sowalnama üstünlikli doldurylandan soň, ulgam ýurda gelnende pasport gözegçiliginiň işgärine görkezilmeli QR-kody döreder.

Bu talap 45 güne çenli möhlet bilen wizasyz girýän ähli daşary ýurt raýatlaryna, şeýle-de elektron wizasy bar bolanlara degişlidir.

Diňe serhetden geçmeýän tranzit ýolagçylar hem-de diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin kadadan çykma göz öňünde tutuldy.


düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....