Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler.
VisasNews-iň habar bermegine görä, bu täze düzgün 2026-njy ýylyň 12-nji iýunyndan güýje girdi. Tassyklanan arzalarda «Multiple entries» (köp gezeklik giriş) diýen belligi görýärsiňiz. Ýurtda yzygiderli galmagyň iň ýokary möhleti öňküligine – 30 güne çenli galýar.
Bu üýtgeşme Hindistana saparyny Nepal, Butan ýa-da Şri-Lanka syýahatlar bilen utgaşdyrýan syýahatçylaryň ýadaýyny esli ýeňilleşdirýär.
Bu soňky döwürde wiza düzgünleriniň ikinji gezek ýumşadylyşydyr. Dekabr aýynda häkimiýetler elektron wiza tassyklanandan soňra, ilkinji gezek girmek möhletini 30 günden 120 güne çenli uzaldypdylar.
Mundan başga-da, Hindistan harytlary gümrüksiz getirmegiň çäklerini ýokarlandyrdy. Syýahatçylyk wizasy bilen gelýän syýahatçylar üçin bu çäk 15 müň rupiden 25 müň rupä çenli (takmynan 175 dollardan 290 dollara çenli) köpeldildi. Wizalaryň beýleki görnüşleriniň eýeleri üçin bu çäk 50 müňden 75 müň rupä (takmynan 580 dollardan 870 dollara çenli) ýokarlandy.
Şeýle hem altyn we platina önümlerini gümrüksiz getirmegiň kadalary zenanlar üçin 40 grama çenli, erkekler üçin bolsa 20 grama çenli diýlip tassyklanyldy.
Bir noutbuk ýa-da öý haýwanlaryny ozalkysy ýaly, gümrük tölegsiz getirmäge rugsat berilýär.