NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar.
Bu desganyň 2033-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilýär. «Universal United Kingdom Resort» diýlip atlandyryljak bu toplum London şäherinden takmynan 45 minutlyk uzaklykda, demirgazykda ýerleşýän Beýik Britaniýanyň Bedford şäherinde peýda bolar.
Taslamanyň içine birnäçe mowzuklaýyn oýun zolaklary, attraksionlar, 500 otagly myhmanhana, söwda we göwün açyş merkezleri, şeýle hem restoranlar girýär. Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, seýilgäh açylan ilkinji ýylynda 8,5 milliona golaý syýahatçyny kabul eder.
Beýik Britaniýanyň hökümeti sebitiň ulag we beýleki düzüm ulgamlaryny ösdürmek üçin 1,3 milliard funt sterling gönükdirmegi maksat edinýär.
Desganyň gurluşyk tapgyrynda takmynan 20 müň iş ornunyň, doly ulanmaga berleninden soň bolsa, ýene-de goşmaça 8 müň iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.
NBCUniversal kompaniýasynyň berýän bahasyna görä, 2055-nji ýyla çenli bu toplumyň ýurduň ykdysadyýetine ýetirjek umumy peýdasy 50 milliard funt sterlinge ýetip biler.