Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

  • 24.05.2026 16:01
  • 4.1k+

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar diýip, Euronews habar berýär.

Täsin syýahat üçin saýlanyp alnan 16 adam iki topara bölünip, birinji bölek Finlýandiýanyň Kenarýaka we arhipelag sebitine we ikinjisi bolsa Laplandiyanyň ýabany tebigatyna ugradylar.

Birinji topar üçin ýörite tagam meýilnamasyny meşhur aşpez Erik Mansikka taýýarlar. Onuň Turku şäherindäki «Kaskis» restorany 2022-nji ýylda paýtagt Helsinki şäheriniň daşynda bütindünýä «Michelin» ýyldyzyny we ekologiýa durnuklylygy üçin «Ýaşyl ýyldyzyny» alan ilkinji restorandyr.

Ikinji topar üçin aşpez Joel Manninen yhlas eder. Ol 2025-nji ýylda Finlýandiýanyň ýaş aşpezleriniň çempionatynda ýeňiji boldy. Şu ýyl bolsa dünýäniň ýaş aşpezleriniň bäsleşiginde kümüş medaly gazandy. 

Guramaçylar bu tagam meýilnamasyny düzmezden öň, ýerli ilatyň arasynda sorag-jogap geçirip, fin aşhanasyny iň gowy häsiýetlendirýän sebit tagamlaryny anykladylar. Şondan soň bolsa ady agzalan meşhur aşpezler şol maglumatlara görä ýörite meýilnamalary düzdüler.

Ýeňijiler 4 günlük we ähli çykdajylary (ýol puly, ýaşajak ýeri, iýmiti) doly ýapylan mugt syýahata eýe bolarlar. Syýahatyň dowamynda olara gyzykly gezelençler, dürli tagamlary dadyp görmek mümkinçiligi garaşýar. Şeýle-de olar syýahatyň ahyrynda aşpezleriň ýörite taýýarlan özboluşly agşam naharyna gatnaşarlar.


10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......