Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

  • şu gün 12:02
  • 1.1k+

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan etdi.

Bu başlangyç «Levin Matkailu» syýahatçylyk merkezine degişlidir. Tomusky gün gysgalma döwründen başlap, awgust aýynyň ahyryna çenli gatnaşyjylara gizlin hazynany tapmaga kömek etjek dürli yşaratlar we maglumatlar berler. Baýragyň nämeden ybaratdygy anyk aýdylmasa-da, köpçülige ýetirilen suratda altyn bölegi görkezilýär.

Taslamanyň hyzmatdaşy hökmünde Kittilädäki altyn känini ulanýan Agnico Eagle Finland kompaniýasy çykyş edýär. Guramaçylar hazynany gözlemek üçin gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň ýa-da başga bir hereketler arkaly tebigata zyýan ýetirmegiň zerur bolmajakdygyny düşnükli ýaňzytdylar.

«Levin Matkailu» guramasynyň baş direktory Satu Pesonen bu şypahananyň esasan gyşky syýahat ugry hökmünde meşhurdygyny, emma häkimiýetleriň tomus paslynda hem sebite bolan gyzyklanmany ýokarlandyrmaga çalyşýandygyny aýdýar.

Laplandiýa belli bolşy ýaly, syýahatçylary gyşky dynç alyş görnüşleri, demirgazyk şapaklary we Santa-Klausuň keşbi bilen özüne çekýär. Soňky ýyllarda bolsa sebit ýyly pasyllarda hem syýahatçylaryň akymyny artdyrmagyň täze ýollaryny gözleýär. Şeýle taslamalaryň hatarynda Rowaniýeminiň golaýynda mumi-trollara bagyşlanan seýilgähi döretmek ýaly meýiller hem bar.

Şonuň ýaly-da Finlýandiýanyň gündogar sebitleri hem myhmanlary maýyl etmegiň ýollaryny gözleýärler. Mysal üçin, şu tomusda häkimiýetler ýurduň gündogaryna mugt gezelençleri hödürleýärler. Onuň döwamynda uçar petekleri we şol ýerdäki çykdajylar doly tölenilýär. Emma bu amatly şertden diňe bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanjak 12 adam peýdalanyp biler.


01.06.2026 13:04
2.9k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......