Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

  • 01.06.2026 13:04
  • 3.1k+

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň «Ýewrostat» we ýurduň Merkezi bankynyň maglumatlaryna esaslanýan hasaplamalaryna salgylanyp habar berýär.

Viska guramasynyň ykdysatçysy Wilhýalmur Hilmarssonyň berýän bahasyna görä, häzirki wagtda Islandiýadaky bahalaryň derejesi Şweýsariýadakydan, takmynan, üç göterim punkt ýokarydyr. Islandiýa bu reýtingde soňky gezek 2018-nji ýylda birinji orny eýeläpdi.

Hünärmenler bahalaryň ýokarlanmagyny pandemiýadan soň güýçlenen we ýurduň ykdysadyýetiniň dikelmeginde esasy şertleriň birine öwrülen syýahatçylyk işjeňligi bilen baglanyşdyrýar. Hilmarssonyň aýtmagyna görä, syýahatçylyk pudagynyň çalt ösmegi hyzmatlaryň gymmatlamagyna, zähmet haklarynyň ýokarlanmagyna we ýaşaýyş jaý bazaryna täsir edýär. Şeýle hem, gysga möhletli kärende jaýlary ugrunda ýerli ýaşaýjylar bilen syýahatçylaryň arasynda emele gelýän bäsdeşlik bazardaky kynçylyklary has-da artdyrýar.

Neşir edilen maglumatlara görä, Islandiýada azyk önümleri Demirgazyk Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndakydan 44% gymmatdyr. Süýt önümleriniň we ýumurtganyň bahasy ortaça derejeden 75%, etiň bahasy bolsa 71% ýokary. Içgileriň bahasy hem ýokarylygyna galýar: mysal üçin, bir çaşka kofe 1 müň krona (6,98 ýewro) çenli ýetip bilýär.

Bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagynyň netijesinde, syýahatçylyk guramalary bu ýurda gelmek isleýänleriň sanynyň kem-kemden azalyp başlaýandygynyň ilkinji alamatlaryny görüp başlady. Ykdysatçylar bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň köp zähmeti talap edýän pudaklara, aýratyn-da, syýahatçylyga garaşly bolmagynyň inflýasiýa basyşyny geljekde hem saklap biljekdigini duýdurýar.


şu gün 00:59
2.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.3k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....