Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

  • şu gün 00:59
  • 555

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan nokadyna gaýdyp gelýär.

Ilkinji gatnawlar üç gün we iki gije — şenbe gününden duşenbe gününiň irki wagtlaryna çenli niýetlenendir. Esasy üns bortdaky dynç alşa we oýun-güýmenjelere gönükdirilendir. Ýolagçylar üçin stendap-komikleriň çykyşlary, illýuziýa şüweleňleri, temalaýyn agşamlar we giçki naharlar taýýarlanyldy.

Syýahatçylaryň rahatlygy üçin gäminiň ýüklenişi maksimum sygymlylygynyň 80%-i bilen çäklendirilendir. Guraýjylaryň maglumatlaryna görä, gatnaşyjylaryň ortaça ýaşy 47-ä deň bolup, bu adaty kruizlerdäkiden (55 ýaş) has pesdir.

Syýahatçylaryň biri bu formatyň goşmaça rugsat günlerini almazdan dynç almaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Şanhaý şäheriniň ulag komissiýasynyň wekili Tun Danýin täze formatyň adaty kruizleriň ýönekeýleşdirilen görnüşi däldigini aýtdy. Bu hyzmatlaryň sarp ediliş modeli bilen tapawutlanýan düýbünden täze, garaşsyz syýahatçylyk önümidir.

Hytaýda deňiz syýahatlaryna bolan gyzyklanma artmagyny dowam etdirýär. 2025-nji ýylda ýurduň kruiz liniýalarynyň ýolagçy akymy öňki ýyl bilen deňeşdirilende 25,3% artdy.


20.06.2026 01:05
4.2k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......