Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour» taslamasyna badalga berdiler.
Önümçilik kärhanalara we zawod-fabrikere gezelençleri guramak durnukly ugra öwrülip, Praga, Wenesiýa ýa-da Barselona ýaly jahankeşdelerden ýaňa aşa agram görýän şäherleriň ýüküni ýeňilleşdirmäge ýardam edip biler.
Çehiýanyň Moraw-Silez ülkesiniň Syýahatçylyk departamentiniň wekili Lýusiýa Şewçikowa bu ugur barada şeýle diýýär:
– Meniň pikirimçe, bu syýahatçylykda täze nysak bolar, sebäbi adamlar aşa dyknyşyk ýerlerden ýadadylar we has üýtgeşik zatlary gözleýärler. Bu ýagdaý biziň sebitimiz üçin hem syýahatçylary çekmäge gowy mümkinçilikdir.
Ady agzalan bu sebit senagat syýahatçylygynyň iň ilkinji başlangyç merkezi hasaplanylýar. Meselem, Noşowise şäherinde ýerleşýän «Hyundai» awtomobil zawodynda hepdede üç gezek mugt gezelençler guralýar. Syýahatçylar ýörite elektrik otlusynda aylanyp, her gün çykýan 1500 sany ulagyň önümçilik pursadynyň gözli şaýady bolup bilýärler.
Hyundai Motor Manufacturing Czechia kompaniýasynyň jemgyýetçilik wekilleri boýunça menejeri Barbora Germanowa gezelençleriň täsirini şeýle düşündirýär:
– Geçen ýyl biziň köpçülikleýin gezelençlerimize 9000-e golaý adam gatnaşdy. Biz öndürýän awtomobillerimiziň haýsy tarapy artymaç bolsa, şony-da görkezmek isleýäris. Biz bärde ulaglary gönümel satmaýarys. Sebäbi bu ýeri dilerlik merkezi däl-de, zawod bolup durýar. Ýöne, muňa garamazdan, käwagt gezelençden soň syýahatçylaryň bir alajyny tapyp, awtomobillerimizden satyn alýanlary-da tapylýar.
Sebitiň ýene bir meşhur desgalarynyň biri — Ostrawadaky öňki «Dolni-Wiktowise» metallurgiýa kombinatydyr. Geçen ýyl bu ýere rekord derejede — 1,7 million adam geldi.
Ostrawadan 30 minutlyk uzaklykda bolsa, 1678-nji ýylda gurlan «Bartosowise» degirmeni ýerleşýär. Bu desga sebitde ýeke-täk we ýurtda sanaýmaly, şu günki güne çenli hakyky taryhy enjamlary bilen işläp oturan degirmenleriň biridir. Onuň gurluşlary henizem hereketlendiriji çarhlar arkaly aýlanýar. Ýerli gezelenç ýolbeledi syýahatçylara bu köp asyrlyk desganyň taryhy we täsin maglumatlary barada aýdyp berýär.
«IndusTour» taslamasynyň umumy býujeti 1,4 million ýewro barabardyr. Bu taslama Çehiýanyň Moraw-Silez ülkesinden başga-da, Fransiýanyň Owern – Rona – Alp sebitini, Polşanyň Lodz woýewodalaryny, Daniýanyň Týonner häkimligini, Serbiýanyň Woýewodina awtonom ülkesini we Kipr Respublikasyny öz içine alýar.