Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

  • 16.06.2026 23:15
  • 3.8k+

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder.

Taslama uzynlygy 120 m, ini 20 m we beýikligi 18 m çenli bolan gurluşdan ybaratdyr. Ol daşyndan gowagyň görnüşini döredýär hem-de wizual, ses, ys we sanly elementleri özünde birleşdirýär.

Açylyş dabarasy zabun howa şertleri sebäpli ýüze çykan birnäçe günlük abatlaýyş işlerinden soň amala aşyryldy. Gurnama işleri wagtynda desganyň gurluşy ýagyn, ýel we doly sebäpli zeper görüpdi. Gurnama üçin ses dizaýnyny «Daft Punk» duetiniň agzasy Tomas Bangalter döretdi. Taslamanyň ys bölegini bolsa ys boýunça hünärmen Sara Buasse taýýarlady.

Gowagy synlamaga gelenler üçin giňeldilen hakykat elementleri hem hödürleniler.

Guramaçylaryň sözlerine görä, taslama hususy serişdeler we hyzmatdaşlaryň goldawy esasynda maliýeleşdirildi. Gurnamanyň işi tamamlanandan soň, onuň materiallaryny saklap galmak, täzeden ulanmak ýa-da gaýtadan işlemek meselelerine serediler.


düýn 23:58
2.3k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....