Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

  • şu gün 01:05
  • 415

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy bolar we uçuş 19–22 sagada çenli dowam eder. tmcars.info saýty ýolagçylaryň bu uzak ýoly nähili şertlerde geçjekdikleri barada ozalky habarlarynda gürrüň beripdi.

Geljekde Awstraliýanyň gündogar kenaryny beýleki şäherler bilen hem baglanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Munda tassyklanan indiki ugur Nýu-Ýork bolar, onuň başlanjak wagty barada bolsa 2028-nji ýylda habar berler.

Qantas-yň ýolbaşçysy Wanessa Hadson bu wakanyň kompaniýanyň taryhynda möhüm ädimdigini belleýär.

Hemmesi Awstraliýanyň dünýäniň beýleki ýerlerinden uzakda ýerleşýändiginiň asla päsgelçilik bolmaly däldigi baradaky ynamymyzdan başlandy. 1947-nji ýylda «Kenguru» ugry boýunça ilkinji uçuşymyzy amala aşyranymyzda, Londona çenli ýedi gezek duralga edýärdik. Ýyl geçdigiçe täze nesil uçarlar duralgalaryň sanyny azaltdy. Indi bolsa biz olaryň iň soňkusyny hem aradan aýyrýarys. 2017-nji ýylda Awstraliýanyň gündogar kenaryny London bilen gönümel baglanyşdyrmagy söz beripdik. 2027-nji ýylda bu sözümiz hakykat bolup durmuşa geçer – diýip, ol bu hakda beren gürrüňinde aýtdy.

Häzirki wagtda iň uzyn yzygiderli uçuş Singapore Airlines kompaniýasyna degişli (Singapur — Nýu-Ýork ugry, 15 349 km), ýöne ol uçarda ekonom kals ýok. Qantas-yň häzirki iň uzyn uçuşy bolsa London bilen Pertiň arasyndadyr (14 499 km).

«Project Sunrise» taslamasy üçin Airbus kompaniýasy A350-1000ULR kysymly ýörite uçarlary taýýarlady. Qantas şeýle uçarlaryň 12-sini satyn alar. Bu uçarlaryň ikinjisi 2026-njy ýylyň iýun aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrdy we häzirki wagtda synagdan geçirilýär.

Bu uçarlarda 20 000 litrlik goşmaça ýangyç gaby bar. Bu bolsa olara 22 sagatlap duralgasyz uçmaga mümkinçilik berýär. Adaty «Airbus A350-1000» uçarlary 480 adama niýetlenen bolsa, Qantas-yň uçary diňe 238 ýolagçy üçin niýetlenen (şol sanda 140-sy ekonom klas).

Bu şert ýolagçylaryň uzak wagtyň dowamynda özlerini has oňaýly duýmaklary üçin göz öňünde tutulandyr.


17.06.2026 23:58
2.7k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......