Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa Ginnesiň rekordlar kitabyndaky öňdeligini yzyna gaýtarmaga mümkinçilik berdi.
Bu kurort Kuala-Lumpuryň golaýynda, deňiz derejesinden 1800 metrden gowrak belentlikde ýerleşýär. Ol 1960-njy ýyllaryň ahyrynda telekeçi Lim Goh Tong tarapyndan Malaýziýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin köpçülikleýin dynç alyş merkezi hökmünde döredildi. 1971-nji ýylda toplumyň çäginde ilkinji kazino açyldy we şondan soň düzümleýin ulgam çalt depginde ösüp başlady.
«First World Hotel» myhmanhanasynyň gurluşygy 1997-nji ýylda başlanypdy we ol ilkinji myhmanlaryny 2001-nji ýylda kabul etdi. Başda toplumda üç müňden gowrak otag bardy. 2006-njy ýylda ikinji diňiň açylmagy bilen otaglaryň sany 6118-e ýetdi.
2008-nji ýylda öňdelik Las-Wegasdaky «The Venetian» myhmanhanasyna geçdi, emma 2015-nji ýylda «First World Hotel» 1233 otaglyk goşmaça diňiň işe girizilmegi bilen ýene-de birinji orny eýeledi.
Toplum köpçülikleýin syýahatçylyga niýetlenen bolup, amatly bahalary bilen tapawutlanýar. Onda adaty otagyň bahasy bir gije üçin takmynan 30 dollardan başlaýar. Myhmanhanada restoranlar, söwda galereýalary we göwün açyş meýdançalary işleýär, otaglaryň dolulyk derejesi bolsa ortaça 90%-e ýetýär.
