Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

  • 24.05.2026 14:30
  • 1.9k+

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga nysakly syýahat gözlegleriniň sany 195% ýokarlandy.

Ýaponiýada bu ýagdaýa «seichi junrei», ýagny «anime zyýaraty» diýilýär. Bu akym meşhur multfilmlerde, filmlerde we komikslerde görkezilýän hakyky taryhy ýerlere baryp, gezelenç etmek we surata düşmek bilen baglydyr. Şeýle gyzyklanmany dürli festiwallar, anime stilli myhmanhanalar we muşdaklar üçin çäreler has-da güýçlendirýär.

Şu ýyl Tokioda geçirilen dünýäniň iň uly anime çäreleriniň biri bolan «AnimeJapan 2026» festiwaly uly üstünlik gazandy. Onuň dowamynda daşary ýurtly myhmanlar üçin satylan biletleriň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 697% ýokarlandy. Dünýäniň 82 sany ýurdundan we sebitinden (iň köp Hytaý, Gonkong we Singapurdan) gelen syýahatçylaryň esasy bölegi «Z nesli» (ýaşlar) we milleniallar (orta ýaşlylar) boldy.

Şeýlelikde anime muşdaklary myhmanhana biznesine hem uly girdeji getirýärler. Tokionyň Odaýba raýonynda geçirilen «Summer Comiket 2026» festiwaly sebäpli şol sebitdäki myhmanhana bronlamalary geçen ýyldakydan 78% köpeldi.

«Slam Dunk» mangasynda görkezilýän Kamakura-Koko-mae demir ýol duralgasy häzirki wagtda iň köp barylýan ýerleriň biridir. Şonuň ýaly-da Akihabara we Ikebukuro raýonlary Ýaponiýanyň iň esasy «otaku» (anime-manga muşdaklarynyň) medeni merkezleri hasaplanýar.

Bu uly gyzyklanmanyň saklanmagyna bütindünýä internet we striming platformalary hem kömek edýär. Häzirki wagtda hem «One Piece», «Demon Slayer» we «Naruto» ýaly taslamalar dünýäde iň meşhur anime bolmagynda galýar.


10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......