Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

  • 27.05.2026 18:22
  • 9.5k+

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy.

86 kg çenli agram derejesiniň final tutluşygynda Begenjow gazagystanly göreşiji Abylaýhan Uzembaýewi 10:0 hasabynda möhletinden ir tehniki artykmaçlyk bilen ýeňdi. Bu agramda bürünç medallary Hindistanyň we Günorta Koreýanyň wekilleri aldy.

Bu ýeňiş Begenjow üçin nobatdaky üstünlik boldy. Ol mundan ozal, 2025-nji ýylda geçirilen U23 Aziýa çempionatynda 79 kg agramda kümüş medalyň eýesi bolupdy, şeýle hem 2026-njy ýylda Bişkek şäherinde guralan uly ýaşlylaryň Aziýa çempionatynda 86 kg agram derejesinde bürünç medaly aldy.

Umuman, bu ýaryşlarda Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndy topary jemi 4 sany — bir altyn we üç bürünç medal gazandy.

Alp Arslan Begenjowyň çempionlygyndan başga-da, öz agram derejelerinde şu aşakdaky türgenler bürünç baýraklaryň eýesi boldy:

  • Azatberdi Aşyrgulyýew (61 kg);
  • Soltansanjar Begenjow (79 kg);
  • Döwletgeldi Myradow (92 kg).

Ýene iki sany türkmen türgeni — Amir Hamaýun (65 kg) we Watan Annaorazow (74 kg) bäşinji orunlary eýeledi. Umumytopar hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysy jemi 90 utuk toplap, ýaryşa gatnaşan 16 döwletiň arasynda 5-nji orny eýeledi.

«Tien Son» sport toplumynda geçirilýän U23 & U17 Asian Championships 2026 ýaryşy Aziýanyň 25 ýurdundan we sebitlerinden 900-e golaý türgeniň gatnaşmagynda 1-nji iýuna çenli dowam eder.


18.06.2026 14:40
3.9k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

08.06.2026 12:15
2k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....