Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

  • 08.06.2026 12:15
  • 2.1k+

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

11 ýaşly Şogjiýew Ulan-Bator şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda 10-njy orny eýelemegi başardy. Ýaryşda hytaýly küştçi Kun Sýanžuý ýeňiş gazandy.

2025-nji ýylyň iýul aýynda Roman Şogjiýew on ýyl, üç aý we 21 gün ýaşynda taryhda iň ýaş halkara ussat (International Master) bolmagy başarypdy.

Küştde iň ýokary dereje bolan grossmeýsteri almak üçin Şogjiýew ýene-de iki sany normany ýerine ýetirmeli bolar. Häzirki wagtda küşt taryhynda iň ýaş grossmeýster adyny ABŞ-dan Abhimanýu Mişra göterýär. Ol bu ýokary ada 2021-nji ýylyň tomsunda 12 ýaş, dört aý we 25 günlükkä eýe bolupdy.


20.06.2026 01:00
3.5k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

05.06.2026 15:52
10k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

27.05.2026 18:22
9.6k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

15.04.2026 14:03
3.5k+

Özbegistanly grossmeýster dünýäniň küşt täji üçin Gukeş Dommaraju bilen bäsleşer

Özbegistanly grossmeýster Žawohir Sindarow Kiprde geçirilýän dalaşgärleriň küşt ýaryşynda möhletinden öň ýeňiş gazandy. 9,5 utuk toplan 20 ýaşly küştçi ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda iň ýakyn......