Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn çempionatynda bolup geçdi.
Karlsen hindistanly Arjun Erigaýsdan, ermenistanly Şant Sargsýandan, özbegistanly Jawohir Sindarowdan we azerbaýjanly Aýdyn Süleýmanlydan utuldy.
Karlsen mundan öň yzly-yzyna dört gezek 2005-nji ýylda, ol 14 ýaşyndaka hasaba alnypdy. Eger diňe çalt küşti (rapid) hasaba alsak, şeýle netije onuň tutuş karýerasynda ilkinji gezek bolup geçdi.
Şowsuz oýunlar tapgyry sebäpli norwegiýaly küştçi laýw-reýtingde (dowam edip duran reýtingde) 28,8 utuk ýitirdi. Karlseniň çykyş edýän "WR Chess" topary yzly-yzyna üç duşuşykda ýenip bilmedi we ýaryşyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda rapid ýaryşynda medal gazanmak mümkinçiligini elden berdi.