Türki döwletleriň ilkinji küşt Olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy topary düzüldi

  • 29.03.2026 09:56
  • 3.4k+

Aşgabatda küşt boýunça saýlama ýaryşy tamamlandy, onuň netijeleri boýunça türki döwletleriň arasynda geçiriljek ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň (16 ýaşa çenli küştçüler) düzümi kesgitlenildi.

Saýlama ýaryşy Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi. Oňa ähli welaýatlardan 49 sany ýaş küştçi gatnaşdy. Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda, her göçüme 30 sekunt goşmak bilen 45 minut wagt gözegçiliginde geçirildi.

Saýlama ýaryşynyň netijeleri boýunça ýygyndy toparyň düzümine şular girdi:

  • Ali Ahmedow (Aşgabat) — 7 utuk;
  • Ahmet Artykow (Mary welaýaty) — 7 utuk;
  • Gurbanmyrat Rüstemow (Lebap welaýaty) — 6,5 utuk;
  • Dilber Hupbyýewa (Daşoguz welaýaty) — 6,5 utuk;
  • Zalina Iminowa (Aşgabat) — 6,5 utuk.

Ýaryşda has ýaş gatnaşyjylaryň hem özlerinden uly küştçüler bilen bäsleşip, üstünlikli çykyş edendikleri bellenilýär.

Olimpiada 13—18-nji maý aralygynda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçiriler. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlar toparlary gatnaşar.

Şol bir wagtyň özünde, Almaty şäherinde uly ýaşly toparlaryň arasynda hem ýaryşlar geçiriler, olar Samarkantda boljak 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk tapgyry hökmünde görülýär.

Şeýle hem Türkmenistan Türki küşt assosiasiýasyny döretmäge gatnaşýar. Ony döretmek baradaky Ähtnama 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astanada gol çekilipdi.


22.06.2026 17:52
4.7k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

20.06.2026 01:00
3.4k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......