Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy.
Syýahatçylaryň bir bölegi öňünden satyn alan peteklerini ulanyp bilmediler.
Ýokary temperaturalar diňe bir Fransiýada däl, eýsem Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem dowam edýär. Yssy howa sebäpli ätiýaçlyk çäreleri görülýär, mekdepler ýapylýar we käbir demir ýol gatnawlary bes edilýär.
Amerikan syýahatçysy Tamara Danser Eýfel diňine barmak üçin petekleri iki aý öňünden satyn alandygyny, ýöne onuň gezelenjiniň bellenen wagtyndan biraz öň ýatyrylandygyny gürrüň berdi.
Ýöne howa şertlerine garamazdan, köp syýahatçylar Fransiýanyň paýtagtynyň gözelliklerini synlamagy dowam edýärler. Olaryň arasynda yssy howa sebäpli meýilnamalaryny üýtgetmek hyýallarynyň ýokdugyny aýdýanlary-da bar.
«Yssynyň syýahatymyzy bozmagyna ýol bermeris. Biz entek bu ýerdäki ähli zady görüp çykmaly» diýip, Euronews Kaliforniýadan gelen syýahatçylar Karlin we Karolyň beren gürrüňini tomaşaçylaryna ýetirýär.