Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

  • düýn 09:50
  • 4.3k+

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese düşmegi bilen düşündirilýär.

Bu üýtgeşme ýurtda 1978-nji ýyldan bäri wiza töleginiň ilkinji gezek ýokarlandyrylmagydyr. Täze nyrhlar şu ýylyň iýul aýyndan başlap güýje girýär. Şeýlelikde, bir gezeklik wiza töleg 3 müň ýenadan 15 müň ýena çenli (takmynan 93 dollara çenli) köp gezeklik wiza töleg 6 müň ýenaden 30 müň ýena çenli (takmynan 186 dollara çenli) ýokarlanar.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Tosimitsu Motegi: «Biz bu çäre gönüden-göni syýahatçylaryň akymyna täsir eder öýtmeýäris» diýip, täzelik hakynda öz pikirini teswirledi.

Kyodo agentliginiň maglumatynda ýapon wizalaryna girizilen nyrhlaryň Uly ýedilige (G7) girýän beýleki döwletleriň nyrhlary bilen deň derejä ýetjekdigi-de bellenilýär.


22.06.2026 16:31
5.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.5k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.6k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......