2,6 mln öwüşginli Lissabon halkara şäherler reýtinginde iň reňbe-reň şäher boldy
Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi....
Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi....
Dünýä arhitekturasynda täze bir ugur barha äşgär duýulýar: aýna indi sowuk we gaty material däl. Ol indi diňe tekiz, aýnaly fasadlar üçin ulanylmaýar - ol indi epilýär, "dem alýar" we binalaryň......
Dürli yklymlarda täze megataslamalaryň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar beýikligi, gerimi we tehnologiki çözgütleri boýunça dünýä rekordyny goýup bilerler. Jeddah Tower, Saud Arabystany Jeddah Tower diňi garaşylyşyna görä, takmynan, 2028-nji ýylda gurlup gutarylandan soň, dünýäde iň beýik gökdirän bolup biler...
Belgiýaly dizaýner Lionel Žado B2Ai binagärlik firmasy we Jam Hotels myhmanhana brendi bilen hyzmatdaşlykda Gent şäherindäki öňki harby ýatakhanany 108 otagly myhmanhana öwürdi. Taslama Studio Lionel Jadot tarapyndan işlenip düzüldi...
Çilili Smilýan Radiç Klark 2026-njy ýylyň Pritzker binagärlik baýragynyň eýesi diýlip yglan edildi. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Köplenç binagärlik ugry boýunça Nobel baýragyna deňelýän bu baýraga Santýagoda ýaşaýan ussat binagär "ümsüm emosional manylylygy we ynsan tejribesine üns berýänligi" bilen tapawutlanýan taslamalary üçin mynasyp görüldi...
Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. 30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter...
Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik firmasy Dubaý Halkara Maliýe Merkeziniň (DIFC) sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän Janu Dubai köpugurly gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy. Arhitektorlar töweregindäki aýnadan gökdirän binalary bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly dizaýny teklip etdiler...
Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy...
Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar...
Barselonada düýbi tutulanyna 144 ýyl geçen Sagrada Familiýa ybadathanasynyň merkezi diňiniň gurluşygy tamamlandy. Polatdan we aýnadan ýasalan 17 metrlik dört gyraňly haçyň iň ýokarky böleginiň gurnalmagy netijesinde gurluşygyň soňky tapgyry jemlendi...
Ýaponiýanyň Kidzuki şäherinde 3D-çap tehnologiýasyny ulanmak arkaly gurlan iki gatly O House ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. Bu taslama COBOD senagat printeriniň kömegi bilen Onocom we Kizuki kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi...
Hytaýyň Çunsin şäherinde dünýäniň açyk asman astyndaky iň uly eskalator ulgamy synag tapgyrynda işe girizildi. China Daily neşiriniň habar bermegine görä, bu desga «Zenan hudaý Uşanyň eskalatory» diýen ady aldy...
Fransuz suratkeş JR Parižiň Pon-Nýof köprüsini ses effektlerini we goşmaça hakykat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pyýada gezelenç edilýän «gowaga» öwürer. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär. Artnet...
Saud Arabystany Er-Riýadda bina edilmegi meýilleşdirilýän Rise Tower gökdirän binasynyň renderlerini görkezdi. Taslama görä, binanyň beýikligi, takmynan, iki kilometr bolar. Ony durmuşa geçirmek başartsa, ol ýer ýüzüniň iň beýik desgasy bolar we Dubaýdaky Burj Halifa we häzirki wagtda gurulýan Jeddah Tower-den hem öňe geçer...
Moon World Resorts kompaniýasy «Moon» («Aý») atly täze taslamasyny hödürledi. Bu taslama dünýäniň iň uly sfera şekilli binasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Taslamanyň esasy maksady — binanyň içinde Aýyň ýüzünde gezelenç edýän ýaly duýgyny döredýän giňişlik döretmek...
Awstraliýada Sidneýiň günbatarynda, ýaňy-ýakynda açylan «Western Sydney» halkara uçar menziliniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze Bredfild şäheriniň esasy meýilnamasy tanyşdyryldy. Bu taslama ýurtda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döredilen ilkinji iri şäher aglomerasiýasy bolar...
Aşgabatda geçirilýän Italýan dizaýnynyň günleriniň çäginde «iDOGI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formenti we binagär Serjio Ferrandi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna (TDGI) bardy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär...
Türkmen alymlary taýýar materialyň hilini ýitirmezden, çig malyň we ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berýän, mineral goşundylaryň paýy ýokarlandyrylan portlandsement öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler...
Rimde Trewi çüwdüriminiň golaýyna barmak üçin töleg girizildi. Indi çüwdürimiň ýakynynda durmak we oňa şaýlyk pul taşlamak isleýän syýahatçylar 2 ýewro tölemeli bolarlar. Şäher häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bu çäre syýahatçylygyň şähere salýan agramyny azaltmaga we taryhy ýadygärligi saklamak üçin serişde toplamaga gönükdirilendir...
Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl...