Hindistandaky uniwersitet kampusy gadymy guýularyň äheňinde gurulýar

  • 13.03.2026 18:39
  • 4.1k+

Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi.

30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter. Onda synp otaglary, kitaphana we kafe ýerleşer.

Taslamanyň esasy aýratynlygy pyýadalar üçin niýetlenen üçek bolar. Ol gadymy hindi guýularyny ýatladýan 463 basgançakly platformadan ybarat.

IX-XV asyrlarda gurlan Çand Baori guýusy, Rajasthan sebiti

Hereketi çäkli bolan myhmanlar üçin dört terrasa hem göz öňüne tutulan.

Toplumyň düýbünde giňişligi tebigy ýagdaýda salkynladyp durjak ýalpak howuz gurmak meýilleşdirilýär.

Binanyň üçeginde dynç alyş zolaklary we leksiýa jaýlary ýerleşer. Toplumda takmynan 9000 adamlyk umumy auditoriýa hem bar.

Sanjay Puri Architects binagär Sanjay Puri tarapyndan esaslandyryldy. Bu firma bilim jaýlary, ýaşaýyş toplumlary we jemgyýetçilik ýerleri üçin dizaýnlary bilen tanalýar. Studiýanyň işleri köp sanly halkara binagärlik baýraklaryna mynasyp boldy.


18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....